2-nji oktýabrda şu ýylyň dowamynda ikinji gezek Gün tutulma hadysasy bolar diýip, Baku döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň astrofizika kafedrasy habar berýär. Bu gezek, Aý Ýerden adatdakysyndan has uzakda bolup, Günüň tegeleginden has kiçi bolar. Netijede, ol Güni doly ýapyp bilmän, daşyndan ýagty halkany emele getirer. Bu seýrek astronomiki hadysa halkalaýyn Gün tutulmasy diýilýär. Gün tutulmasy 2-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 20:42:47-de başlar we 3-nji oktýabrda sagat 02:46:47-de tamamlanar. Gün tutulmasynyň ýokary çägi sagat 23:44:51-e gabat geler. Doly tutulma 2-nji oktýabrda sagat 21:50:24-de başlap, 3-nji oktýabrda 01:39:04-de tamamlanar. Ol 3 sagat 48 minut 40 sekunt dowam eder. Halkalaýyn Gün tutulmasyna Çilide we Argentinanyň günortasynda syn edip bolar. Bölekleýin Gün tutulmasyny Demirgazyk Amerikanyň günortasynda, Günorta Amerikanyň köp böleginde, Ýuwaş we Atlantik ummanlaryndan we Antarktidada görüp bolar.