Daniýanyň Kalmar kompaniýasy 7-97 E-Volt atly 964-nji nesil täze Porsche 911 restomoduny hödürledi. Awtoulag Tesla Model S-den bolan elektrik güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr diýip, 32cars.ru habar berýär. Awtoulagyň güýç agregaty 450 at güýjüne eýe bolup, ol 4 sekuntdan hem az wagtyň içinde 100 km/s tizlige ýetýär. Ulagyň ýöreýiş ätiýaçlygy 290 km ýetýär we 63 kWt/s batareýasy balansy saklamak üçin elektromobiliň öňki we yzky bölekleriniň arasynda bölünendir. Zerur bolan ýagdaýynda awtoulagy asyl içinden ýandyrylýan hereketlendirijili konfigurasiýasyna gaýtaryp bolýar. Kompaniýa awtoulagyň agramyny azaltmak üçin zygyr esasly kompozit materialdan ýasalan kuzow elementlerini öz içine alýan 964-nji nesliň asyl aýratynlyklaryny saklady. Awtoulagyň agramy 1360 kg. Elektromobil LED faralary, Apple CarPlay goldawy, howa gözegçilik etmek we sürüjä kömek etmek ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Elektromobiliň bahasy 450 müň ýewrodan başlaýar.