Halkara syýahatçylyk 2024-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda 2019-njy ýyldaky, pandemiýadan öňki derejesiniň 96%-ine çenli dikeldi. Bu barada UN Tourism guramasyna salgylanyp, “Interfaks” habar berýär. Ýanwar aýyndan iýul aýy aralygynda 790 mln syýahatçylyk gatnawy amala aşyryldy, bu bolsa 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11% köpdür. Ýylyň ahyryna çenli halkara gezelençleriň doly dikelmegine garaşylýar. Ösüşiň esasy şertleri Ýewropa syýahat etmek isleginiň ýokarlanmagy we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde bazarlaryň açylmagy boldy. Ýewropa 2019-njy ýyldaky syýahatçylaryň 99%-ini, Amerika 97%-ini kabul etdi. Afrika hem pandemiýadan öňki derejesinden 7% köp syýahatçy kabul etdi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde syýahatçylaryň pandemiýadan öňki sanynyň 82%-i hasaba alyndy. Käbir ýurtlar 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende uly ösüş görkezdiler. Mysal üçin, Katar 147%, Albaniýa 93% we Saud Arabystany 73% ýokary görkezijini hasaba aldy. Syýahatçylykdan gelýän girdeji hem maglumat beren 63 ýurduň 47-sinde pandemiýadan öňki görkezijisine gaýdyp geldi. Albaniýada, Serbiýada we Saud Arabystanynda girdejileriň iň uly ösüşi hasaba alyndy. Transport bahalarynyň ýokarlanmagy, käbir ýurtlaryň gowşak ykdysadyýeti we howa kataklizmleri bilen bagly kynçylyklara garamazdan, halkara syýahatçylygyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir