Beýik Britaniýanyň weterinar lukmanlarynyň topary günorta ak nosorogynyň döwük aýagyny bejermek boýunça dünýädäki ilkinji operasiýany üstünlikli geçirdi diýip, ABC News habar berýär. Angliýanyň Preskot şäheriniň golaýyndaky Nousli Safari seýilgähinde ýaşaýan iki ýaşly nosorog Amara şu ýylyň başynda agsaklamaga başlapdyr. Hünärmenler onuň öňki sag aýagynyň süňküniň döwülendigini anykladylar, bu bolsa gyssagly lukmançylyk kömegini talap edýärdi. Operasiýa, takmynan, bäş sagat dowam etdi. Oňa hirurglar, anesteziologlar we safari seýilgähiniň işgärleri ýaly 10-dan gowrak hünärmen gatnaşdy. Operasiýadan soň Amaranyň aýagyna gips goýuldy. Haýwanyň ýagdaýy durnukly we gipsi maý aýynda aýyrmak meýilleşdirilýär. Bu operasiýa weterinariýa tejribesinde özboluşly waka boldy we hünärmenler toplanan tejribäniň geljekde peýdaly boljakdygyna umyt edýärler. Günorta ak nosorogy Günorta Afrikada seýrek duş gelýän görnüşdir. Bu görnüşe brakonýerler sebäpli ýitip gitmek howpy abanýar.