Daun sindromly amerikaly gimnastikaçy Çelsi Werner dört sany dünýä rekordyny goýdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ýörite Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanalýan dünýäniň birnäçe gezek çempiony aşakdaky kategoriýalarda rekord goýup, ajaýyp güýç we çydamlylyk görkezdi: 30 sekuntda iň köp gezek özüňi çekmek (zenanlar): 11 30 sekuntda iň köp kip: 10 30 sekuntda iň köp yza pyrlanmak: 14 30 sekuntda iň köp yza salto atmak: 16 "Dört gezek Ginnesiň rekordlar kitabynyň titulynyň eýesi bolanyma buýsanýaryn – diýip, Çelsi begenjini paýlaşdy. - Muny başarjagym düýşüme-de girmezdi." Lukmanlar Çelsiniň myşsa tonusynyň pesliginden ejir çekjekdigini çaklapdylar, ýöne ol 8 ýaşynda gimnastika bilen meşgullanyp başlap, munuň ýalňyşdygyny subut etdi. Çelsiniň gazananlary sportuň çygryndan çykýar. Şeýle hem, ol H&M, Aerie, L'Oreal we Tommy Hilfiger ýaly brendler bilen hyzmatdaşlykda işleýän üstünlikli model. “Men adamlary arzuwlaryna ýetmäge ruhlandyryp bilýändigimden hoşal. Maýyp ýaş gyzlaryň menden täsirlenip, gimnastika bilen meşgullanýandyklaryny görüp, diýseň begenýärin "- diýdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir