Runway kompaniýasy we Lionsgate studiýasy generatiw emeli aň modelini işläp taýýarlamak üçin hyzmatdaşlyk barada yglan etdiler, ol studiýanyň filmlerinde türgenleşdiriler. Täze emeli aň modeli surata düşüriş işlerine taýýarlyk we postprodakşen tapgyrlarynda režissýorlara we döredijilik hünärmenlerine kömek etmek üçin ulanylar diýlip, Runway startapynyň saýtynda habar berilýär. Lionsgate studiýasynyň wise-başlygy Maýkl Býorns bu tehnologiýanyň mazmunlary az çykdajy bilen döretmäge mümkinçilik berjekdigini we häzirki önümçilik prosesini kämilleşdirjekdigini belledi. Käbir režissýorlar bu modeli ulanmaga eýýäm gyzyklanma bildirdi. Runway-yň egindeş esaslandyryjysy we baş müdiri Kristobal Walensuela kompaniýanyň ideýalary we wakalary durmuşa geçirmegiň täze usullaryny hödürlemäge ymtylýandygyny belläp, Lionsgate-iň döredijilik topary bilen öndümli hyzmatdaşlyga ynam bildirdi. Şol bir wagtyň özünde döredijilik kärdeşler arkalaşygy bilen gatnaşyklaryň we emeli aň modelini türgenleşdirmek üçin ulanylýan materiallaryň awtorlyk hukuklarynyň nähili düzgünleşdiriljekdigi sorag bolmagynda galýar. The Hollywood Reporter çykdajylaryň azalmagynyň şertnamany baglaşmak üçin esasy şert bolup bilendigini öňe sürýär, sebäbi Lionsgate studiýasy gymmat blokbasterleri döredýän beýleki uly studiýalar bilen deňeşdirilende özüniň ujypsyz býujetleri bilen bellidir.