Prezident Serdar Berdimuhamedow Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdürijekdigine ynanýarys” diýlip, döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär. Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Abdelmajid Tebbun 7-nji sentýabrda geçirilen prezident saýlawlarynda täze möhlete gaýtadan saýlandy. Saýlawlarda ol saýlawçylaryň 84,3%-iniň sesini aldy diýip, Alžiriň radiosy habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir