Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, 100 ýaşly we ondan uly ýaşly ýaşaýjylaryň sany rekord 95 119 adama ýetdi. Bu görkeziji 54 ýyl bäri ýokarlanýar diýip, Kyodo agentligi habar berýär. 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli ýagdaýa görä, uzak ömür sürýän adamlaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2 980 adam köpeldi. Aýallar 83 958 adama barabar bolup, bu umumy sanyň 88,3%-ine deňdir. Uzak ýaşaýan erkekleriň sany 11 161-e ýetýär. Iň garry erkek adam Sidzuoka prefekturasyndan 110 ýaşly Kiýotaka Midzuno boldy, diňe bir ýurtda däl, eýsem bütin dünýäde iň garry aýal bolsa Hiogo prefekturasynda ýaşaýan 116 ýaşly Tomiko Itookadyr. Ýaponiýada ortaça ömür dowamlylygy hem ýokarlandy: ol aýallar üçin 87,14 ýyl, erkekler üçin 81,09 ýyl. Bu soňky üç ýylda ilkinji ýokarlanmadyr we ol COVID-19 pandemiýasynyň täsirleriniň gowşamagy bilen baglanyşdyrylýar. Statistika 1963-nji ýylda ýygnalyp başlandy, şol wagt uzak ýaşaýanlaryň sany bary-ýogy 153 adama barabardy. 1981-nji ýylda görkeziji 1 000 adamdan geçdi, 1998-nji ýyla çenli bolsa 10 000-e ýetdi.