Londonyň iň belli köçeleriniň biri bolan Oksford-strit tiz wagtdan doly derejede pyýada köçesine öwrüler. Londonyň häkimi Sadik Hanyň taslamasy bu köçäniň 1,1 kilometrini ulaglardan azat edip, pyýada zolagyna öwürmegi göz öňünde tutýar diýip, BBC habar berýär. Meýilnamany durmuşa geçirmek üçin 150 mln funt sterling bölünip berildi, indi bu çözgüdi şäher geňeşiniň tassyklamagyna garaşylýar, çünki şäheriň merkezinde pyýada zolaklaryny döretmek pikiri dolandyryjy Leýboristik partiýa tarapyndan işjeň goldanylýar. “Oksford-strit uzak wagtlap Britaniýanyň bölek söwdasynyň dürdänesi boldy, ýöne soňky onýyllykda ol şöhlesini ýitirdi” – diýip, Sadik Han belledi. Ol taslamanyň şäheriň bu esasy söwda arteriýasyny gaýtadan janlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Köçäniň tas 900 ýyllyk taryhy bar, ol heniz XII asyrda peýda boldy. Köçe häzirki adyny 1729-njy ýylda aldy. Häzirki wagtda Oksford-stritde 300-e golaý dükan, şol sanda dünýä brendleriniň 90 dükany bar. Her gün bu ýere 500 müňe golaý adam gelýär. 2023-nji ýylda Oksford-strit Ýewropanyň iň gymmatly söwda köçeleriniň arasynda 18-nji orny eýeledi. Öň, 2017-nji ýylda häkimiýetler köçäni pyýada etmegi teklip edipdiler, ýöne taslama ýerli ýaşaýjylaryň nägileligi sebäpli ýatyryldy, olar jemgyýetçilik ulag ýollarynyň üýtgemeginden nägile boldular.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir