Demirgazyk Amerikada abraýly “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň (NACTOY) emin agzalary ýeňil awtomobiller, ýük ulaglary we utilitar awto ýaly üç kategoriýada ýarym finalçylaryň sanawyny yglan etdi. Sanawa 25 model girdi we olaryň 12-si elektromobildir diýip, tarantas.news habar berýär. Ýeňil awtomobiller kategoriýasynda hem köpçülikleýin, hem premium brendler hödürlendi. Dalaşgärleriň hatarynda şular bar – BMW 3 Series we M5, Cadillac Celestiq, Fiat 500e, gibrid Honda Civic, Mercedes-AMG E-Class, şeýle-de Porsche Panamera we täze Toyota Camry. Utilitar awto kategoriýasynda ýarym finala, esasan, krossowerler çykdy. Olaryň arasynda elektrik Volkswagen ID. Buzz, Chevrolet Equinox, Volvo EX90 we elektrik Porsche Macan bar. Şeýle-de, sanawa Jeep Wagooneer S we Toyota Land Cruiser Prado girdi. Pikaplaryň arasynda baýrak üçin bary-ýogy bäş dalaşgär bar – GMC Sierra EV, Rivian R1T, Ford Ranger, Toyota Tacoma, Ram 1500. Bäsleşigiň finalçylary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Los-Anjelesde geçiriljek awtoşouwda yglan ediler, ýeňijiler ýanwar aýynda Detroýtdaky motor-şouwda belli bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir