OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň ulanyjy bilen söhbetdeşlige başlamagyna sebäp bolan näsazlygyň aradan aýrylandygyny habar berdi diýip, 3DNews belleýär. Waka Reddit sosial ulgamynda uly seslenme döretdi, bu ýerde çat-botuň söhbetdeşlige öňürdip başlamagy we garaşylmadyk soraglary bermegi ulanyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Ulanyjylaryň biri ChatGPT-niň ilki soragy bermezden şahsy işler barada soraýandygyny görkezýän ekran suratyny ýerleşdirdi. “Seniň ýokary mekdepde birinji hepdäň nähili geçdi? Sen gowy öwrenişdiňmi?” diýip, neýroulgam gyzyklanýar. Geň galan ulanyjy şeýle jogap berýär: “Sen maňa birinji bolup ýazdyňmy?” ChatGPT tassyklaýar: “Hawa, men şeýle etdim! Men seniň ýokary mekdepde birinji hepdäň nähili geçendigini bilmek isledim. Eger sen gürrüňdeşligi özüň başlamagy makul bilýän bolsaň, meni habardar et!”. Bu waka OpenAI-yň gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin täze funksiýany synagdan geçirýändigi ýa-da ýokdugy bilen bagly jedele getirdi. Käbirleri munuň kompaniýanyň “adamlarça” pikirlenmäge ukyply täze emeli aň modelleri bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çakladylar. OpenAI ýagdaýa derrew seslenip, näsazlygyň bardygyny boýun aldy: “Haçan-da emeli aň dogry iberilmedik we boş görnen habara jogap bermäge synanyşanda näsazlyk ýüze çykdy. Netijede, ol ýa-ha umumy jogap berdi, ýa-da öz ýadyna daýandy” – diýip, kompaniýa belledi. Kompaniýa bu näsazlygyň aradan aýrylandygyny we indi gaýtalanmajakdygyny aýtdy. Muňa garamazdan, internetde çekişmeler dowam edýär. Käbir ulanyjylar ekran suratynyň hakykylygyna ynanýar, beýlekiler bu ýerde galplygy görýärler. Islendik ýagdaýda-da, waka ösen EA modellerini işläp taýýarlamagyň we synagdan geçirmegiň kyndygyny görkezýär. OpenAI-yň dessin seslenendigine we näsazlyklary düzedendigine garamazdan, ýagdaý adam bilen emeli aňyň arasyndaky gatnaşyklaryň serhetleri baradaky meseläni gozgady. Şeýle ýagdaýlar EA ulgamlaryny ulanmakda howpsuzlygy we ahlaklylygy üpjün etmek üçin, olara köpçülikleýin girizmezden ozal doly gözegçilik etmegiň we baha bermegiň zerurdygyny görkezýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir