2024-nji ýylyň awgust aýynda global awtomobil bazary 3,5% pese gaçyşy görkezdi, ýeňil we ýeňil täjirçilik ulaglarynyň satuwy 6,89 mln birlik boldy. “GlobalData” konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, iň köp awtomobil Hytaýda, ABŞ-da we Ýewropada satyldy diýip, tarantas.news belleýär. Satuw boýunça öňdebaryjylar: Hytaý 1,97 mln ulag satyp, birinji orny eýeledi, bu hem onuň dünýäde iň uly awtoulag bazary hökmünde ornuny berkidýär. ABŞ 1,43 mln satylan awtomobil görkezijisi bilen ikinji orny eýeleýär. Günbatar Ýewropa bu aýy 0,76 mln satylan awtoulag bilen tamamlady, bu hem geçen aýlar bilen deňeşdirilende pese gaçyşy görkezýär. Beýleki sebitler: Gündogar Ýewropa 0,36 mln awtomobil satdy. Günorta Amerika – 0,26 mln, Ýaponiýa – 0,33 mln, Kanada – 0,16 mln, Günorta Koreýa – 0,13 mln awtomobil.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir