Meşhur futbolçy, MLS-iň “Inter Maýami” klubunyň kapitany Lionel Messiniň we MBA-nyň meşhur oýunçysy, “Golden Steýt Uorriorzyň” düzüminde çykyş edýän Stefen Karriniň awtograflaryny (gollaryny) saklaýan özboluşly kartoçka hödürlendi. Bu kartoçkada türgenleriň ikisi-de “Night Night” hereketini görkezýär diýip, Toops kompaniýasynyň metbugat gullugy sosial ulgamlarda habar berdi. Toops firmasy, ilkinji nobatda, sport oýunlary temasyndan kolleksiýa kartoçkalaryny iň uly çykaryjylaryň biridir. “Night Night” hereketi Stefen Karriniň öz üstünligini baýram etmekde ulanýan usulydyr. Argentinaly oýunçy hem ýakynda “Filadelfiýa Ýunion” bilen oýunda gol geçirenden soň bu hereketi görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir