Bristol uniwersitetiniň alymlary gemologiýa pudagynda möhüm açyş – gan toparlarynyň MAL diýlip atlandyrylan täze ulgamy barada habar berdiler. Onuň düzümine 1972-nji ýylda ilkinji gezek açylan, ýöne genetiki esaslary häzire çenli öwrenilmedik AnWj antigeni girýär diýip, Planet Today habar berýär. Ylmy gözlegçiler antigeniň Mal belogy tarapyndan geçirilýändigini anykladylar. Öň, adamlar dört esasy gan toparyna öwrenişipdi, ýöne aslynda olaryň düzümi has çylşyrymly. Häzirki wagtda gan toparlarynyň 360-dan gowrak dürli antigenleri öz içine alýan 47 ulgamy belli. Şonuň üçin täze açyş lukmançylyk tejribesi üçin möhüm ähmiýete eýe, sebäbi ol gan goýbermede seýrek antigenler sebäpli ýüze çykýan oňaýsyz reaksiýalaryň öňüni almaga kömek eder. Şeýle ýagdaýlar AnWj antigeni otrisatel bolan adamyň gany AnWj antigeni položitel adamyň gany bilen garyşdyrylanda ýüze çykyp bilýär. Adamlaryň 99,9%-inde AnWj položitel, ýöne kadadan çykmalar hem bar, ýagny birnäçe adamda AnWj otrisatel bolup bilýär. Köplenç, şeýle adamlarda gematologik keseller ýa-da onkologiýanyň aýry-aýry görnüşleri bolýar. Alymlar bu açyş gan topary özboluşly bolan hassalar üçin seýrek donorlary tapmaga mümkinçilik berip, lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder diýip umyt edýärler.