Apple önümçilik kuwwatyny giňeltmegi dowam etdirýär. Hytaýdan we Hindistandan başga-da, şu ýyl kompaniýa Braziliýada iPhone 16 smartfonlaryny ýygnar. Ilkinji gezek täze modeller bu ýurtda ilkinji çykan gününden başlap ýygnalar. San-Pauludaky Žundiai şäherinde ýerleşýän Foxconn zawody iPhone 16-nyň esasy wersiýasynyň ýygnalmagyna jogap berer. Has gymmat modeller bolsa, öňküsi ýaly, Hytaýdan import ediler. Bu ädim Apple kompaniýasyna diňe bir hytaý önümçiligine garaşlylygy azaltmaga däl-de, eýsem smartfonlaryň Braziliýa iberilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer. Öň, kompaniýa täze iPhone modellerini ýurda getirmek üçin tas bir aý gerek bolýardy. Indi iPhone 16 Braziliýa ABŞ-da çykyp başlandan bir hepde soň geler. ABŞ-da täze modelleriň bahasy iPhone 16 üçin 799 dollardan we iPhone 16 Pro üçin 999 dollardan başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir