(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler! Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary! Hanymlar we jenaplar! Wekiliýetleriň agzalary! Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe myhmansöýerlik we işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Şu günki duşuşyk gatnaşyjylaryň ählisiniň gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna düşünýändigine, oňa hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyna, hyzmatdaşlygyň berk gurallarynyň ýakynlaşdyrylmagyna çalyşýandygyna şaýatlyk edýän wajyp ähmiýetli waka bolup durýar. Sammitiň netijeleriniň biziň gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi gazanmakda, anyk ylalaşyklara çykmakda täze, möhüm tapgyry alamatlandyrjakdygyna ynanýarys. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň gatnaşyklarynyň barşyny hem-de many-mazmunyny häsiýetlendirmek bilen, olaryň, aýratyn-da, soňky ýyllarda yzygiderli, netijeli häsiýete eýedigini bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygyň tejribesi we däpleri toplandy, esasan-da, işewürlik ugry boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe ugurlar boýunça hökümetara gatnaşyklar alnyp barylýar. Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar! Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýar. Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys. Ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüne çekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, tagallalary dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy arkaly birleşdirmek zerurdyr. Bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistan üçin şeýle çemeleşme möhüm ähmiýete eýedir. Biz şu maksatlara ýetmäge, şol sanda häzirki formatda oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys. Şunda halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn ünsi çekmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýanyň diplomatik gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys. Halkara derejede, ilkinji nobatda, BMG-niň we onuň degişli edaralarynyň çäklerinde bu ugurlar boýunça işiň anyk ýollarynyň bilelikde kesgitlenilmegi oýlanyşykly hem peýdaly bolar. Sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri Owganystandaky ýagdaýdyr. Biziň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahamyz häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýar. Hormatly wekiliýet Baştutanlary! Ykdysadyýet Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ulgam, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki bir tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly oňa çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek arkaly biziň gatnaşyklarymyzyň esasy ugry bolmaga ukyplydyr. Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ony ösdürmek we giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Ulag-logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny, innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellemek isleýärin. Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, onuň giň hem-de köpdürli tebigy serişdeleri, demografik mümkinçilikleri Germaniýanyň senagat we tehnologik derejesi, tejribesi, halkara işewürlik ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen birlikde biziň ýurtlarymyz üçin bilelikde işlemek babatda uly mümkinçilikleri açýar. Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň eýeleýän ornuna, onuň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna, degişli taslamalarydyr maksatnamalary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigine ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen “Ýaşyl” Merkezi Aziýa” atly maslahatyň wajyp ähmiýetini belleýäris. Şol maslahatda möhüm meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. “Ýaşyl” mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony biziň formatymyzyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýärin. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar hemişe döwletara hyzmatdaşlyga oňyn täsir edipdir. Häzirki wagtda-da olar aýratyn zerur bolup durýar we biziň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň isleglerine hem-de bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halklarymyzyň ýakynlaşmagyna, özara hormat goýmagyna ýardam berýär. Şoňa görä-de, bu ulgam hem zerur bolan döwlet goldawyny almalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de höweslendirmegiň, giň ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belleýär. Gazagystanyň Prezidentine şu günki duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin we Türkmenistanyň şu formatyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýaryn.