Apple täze iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max flagmanlarynyň batareýalaryny çalyşmagyň bahasyny 20% gymmatlatdy. Indi kompaniýanyň resmi hyzmatlarynda bu hyzmatyň bahasy 119 dollar bolup, batareýalary 99 dollara çalşylýan iPhone 15 Pro bilen deňeşdirilende, 20 dollar gymmatdyr. Muňa batareýanyň öz bahasy we hünärmeniň işi haky girýär. Täzelik diňe Pro modellerine degişlidir. Adaty iPhone 16 we iPhone 16 Plus üçin hyzmatyň bahasy 99 dollar derejesinde galýar, bu bolsa öňki iPhone 15 we iPhone 14 modelleriniňkä gabat gelýär. iPhone 14 çykmazdan ozal, iPhone 13-den başlap, ähli modeller üçin batareýany çalyşmagyň bahasy bary-ýogy 69 dollar durýardy. Şeýlelik bilen, soňky ýyllarda batareýany çalyşmagyň bahasy ikinji esse gymmatlady. MacRumors-yň berýän habaryna görä, çykdajylaryň ýokarlanmagy iPhone 16-daky batareýalaryň kuwwatynyň ýokarlanmagy we gyzmazlygy üçin içerki dizaýnynyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, käbir modellerde baha täsirini ýetirip biljek demir batareýa korpusynyň ulanylandygyny birtopar çeşmeler habar berýär. Giňeldilen AppleCare+ kepilligi bolan iPhone 16 Pro-nyň eýeleriniň batareýany mugt çalşyp biljekdigi, ýöne onuň kuwwatynyň deslapkysyndan 80% aşak düşen bolmalydygy bellenilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir