Tesla Cybertruck zarýad tizligi boýunça täze rekorddan soň ýene ünsi özüne çekdi. Bu gezek pikap 405 kWt zarýad beriş tizligine ýeten ilkinji Tesla ýolagçy awtomobili boldy. Bu üstünlik Slowakiýadaky Ejoin zarýad stansiýasynda hasaba alyndy diýip, Teslarati neşiri ýazýar. Cybertruck 123 kWt/sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen, bu hem adaty şertlerde zarýad üçin köp wagt talap edýär. ABŞ-da 250 kWt kuwwatly Supercharger stansiýasy ulanylanda 11%-den 80%-e çenli zarýad beriş 45 minut wagt aldy, şol bir wagtyň özünde iň ýokary kuwwat 206 kWt ýetdi. Ýöne Slowakiýada awtomobili 600 kWt gurluşa birikdirip, täze rekord goýmak başartdy. Iň ýokary zarýad beriş kuwwaty 405 kWt boldy, bu hem zarýad beriş wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi. Bary-ýogy bir sagat iki minutyň içinde 118,8 kWt/sag energiýa berildi. Zarýad berşiň ortaça tizligi 113 kWt boldy, bu hem ýolagçy elektromobili üçin ýokary görkezijidir. Häzirlikçe ABŞ-da şeýle kuwwaty goldamaga ukyply jemgyýetçilik zarýad stansiýasy ýok, ýöne Slowakiýadaky rekord Cybertruck-yň bu ugurda potensialynyň heniz doly açylmandygyny görkezýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir