Buker baýragynyň eminleri 2024-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragyna hödürlenýän eserleriň gysga sanawyny yglan etdi. Oňa alty eser girdi, olaryň bäşisi aýallar tarapyndan ýazylan diýip, TASS habar berýär. Baýraga dalaş edýän eserler: "Jeýms" - Persiwal Ewerett "Ýaradyjy köl" (“Озеро творения”) - Reýçel Kuşner "Orbitada" - Samanta Harwi "Saklamak" - Ýael wan der Wuden "Daş haltadaky doga" - Şarlot Wud "Meniň elimde" - Enn Maýkls Niderlandly Ýael wan der Wuden öz ýurdundan Buker baýragynyň gysga sanawyna düşen ilkinji ýazyjy boldy. Samanta Harwi we Persiwal Ewerett gysga sanawa ikinji gezek düşdüler. Bu ýyl baýrak almak ugrunda dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýazyjylar tarapyndan neşir edilen iňlis dilindäki 156 kitap bäsleşdi. Uzyn sanawa 13 eser girdi. Buker baýragynyň ýeňijisi 12-nji noýabrda yglan ediler. Bu ýyl baýrak eýesi 50 000 funt sterling alar. Baýrak 56-njy gezek gowşurylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir