Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça işleriň netijesinde güýzlük bugdaýyň täze görnüşleri döredildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Bellenilişi ýaly, täze görnüşler Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda döredildi. Degişlilikde, bu täze tohumlaryň birinji görnüşi “Serdar”, ikinji görnüşi “Arkadag”, üçünji görnüşi bolsa “Pyragy” diýlip atlandyryldy. 16-njy sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iwan Kuzmin bilen duşuşygy geçirildi. Onda tohumçylyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de oba hojalyk önümçiligine ekinleriň, şol sanda güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak meselelerine, tohumçylykda gazanylanlara, bugdaýyň täze görnüşleriniň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barjak ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilmegine bagyşlanan “tegelek stol” duşuşyklary geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir