EasyJet awiakompaniýasy JetZero startapy bilen bilelikde wodorodda işleýän gatyşyk ganatly uçary döretdiler. Bu taslama kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 50% azaltmagy maksat edinýär we 2030-njy ýyla çenli täjirçilik işine başlap biler diýip, Hi-Tech Mail habar berýär. Uçaryň nusgasy sertifikatlaşdyrylmak üçin möhüm ädim bolan synag uçuşlary üçin taýýarlandy. JetZero tarapyndan döredilen uçar, guýruk ganatynyň aýrylmagy bilen ep-esli garşylygyň we agramyň azaldylmagyny üpjün edýän gatyşyk ganat konsepsiýasyny ulanýar. Uçaryň ýasy korpusy uly ganatyň zerurlygyny azaldyp, ýerden galyş güýjüni ýokarlandyrýar. Işläp düzüjileriň pikiriçe, bu tehniki çözgüt ýangyjy ep-esli tygşytlamaga kömek eder. Taslama 4,5 million dollar möçberinde maliýe goldawyny aldy. Şeýle hem ABŞ-nyň Goranmak ministrligi bilen 235 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu serişdeler 2027-nji ýyla çenli geljekki synaglar we köpçülikleýin önümçilige başlamak üçin ulanylar. Uçar diňe bir ýolagçy gatnawy üçin däl, eýsem ýük daşamak üçin, şeýle hem reaktiw laýner ýa-da tanker hökmünde hem ulanylyp bilner.