Şu gün Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolts bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär. Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge aýratyn üns berilmeginiň wajyplygyny nygtap, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ulgamlaýyn we uzak möhletleýinlik esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar 90-dan gowrak dürli görnüşli şertnamalary we ylalaşyklary öz içine alýan mäkäm hukuk binýadyna daýanýar. Iki ýurduň arasynda geçirilýän Ykdysadyýet günleriň, işewürler forumlarynyň we ykdysady sergileriň ulgamlaýyn häsiýetini belläp, Serdar Berdimuhamedow Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň möhüm ornuny nygtap geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir