Niderlandlar iş bilen dynç alşyň arasynda iň gowy deňagramlylygy saklaýandygy bilen Ýewropa ýurtlarynyň sanawynda birinji orunda durýar. Bu barada Euronews geçirilen dürli barlaglara salgylanyp habar berýär. Şu ýyldan Ýewropa ýurtlarynyň ençemesi dört günlük iş hepdesine geçdiler. Hünärmenler şeýle gün tertibiniň öndürijiligi ýokarlandyrýandygyna we uka-da oňyn täsir edýändigine ynanýarlar - hepdede bäş güne derek dört gün işleýän işgärler gije ukusyny bir sagat artyk alýarlar. Barlagyň awtorlary haýsy Ýewropa ýurtlarynda iş we uky tertibiniň iň gowy berjaý edilýändigini we nirede işgärleriň aşa köp işläp, ukusyzlykdan ejir çekýändigini anyklamak kararyna geldiler. Görlüp otyrylsa, Niderlandlarda ortaça iş hepdesi 32,2 sagat, ukynyň ortaça dowamlylygy 8 sagat 5 minut. Şeýle hem Niderlandlarda işiňden kanagatlanmagyň ýokary derejesi we stressiň pes derejesi hasaba alynýar, bu bolsa umumy öndürijilige oňyn täsir edýär. Awstriýada-da iş bilen dynç alşyň sazlaşygy gowy. Bu ýerde ortaça iş hepdesi 33,6 sagat, ukynyň dowamlylygy 7 sagatdan 8 sagada çenli üýtgeýär. Şeýle hem ýurtda çeýe iş tertibi giňden ýaýrap, ol işçileriň arasynda stressi azaldýar. Şeýle hem iş hepdesiniň dowamlylygy ortaça 33,9 sagat bolan Norwegiýa ilkinji üçlüge girdi. Hereketli dynç alşyň meşhurlygy we açyk howada gezelençler stressi azaltmaga we ukyny gowulandyrmaga kömek edip biler. Norwegiýalylar ýatylýan otaglaryny salkyn saklamak bilen, ukynyň hiline-de üns berýärler. Bu babatda Serbiýa, Çernogoriýa we Türkiye iň ýaramaz netijeleri görkezýär. Türkiýede iş hepdesiniň dowamlylygy ortaça 44,2 sagat bolup, ukyňy almaga ýeterlik wagtyň galmazlygyna we stressiň derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Çernogoriýalylar hepdede ortaça 43,4 sagat işleýärler, ýöne ýerli häkimiýetler aprel aýynda iş gününi bir sagat gysgaltjakdyklaryny habar bermek bilen, bu meseläni çözdüler. Şeýle hem Serbiýada iş hepdesi has uzyn — 41,7 sagat.