Jeep kompaniýasy täze ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Grand Cherokee 4xe awtoulagynyň premýerasyny yglan etdi. Tanyşdyryş dabarasy 20-nji sentýabra meýilleşdirildi, ýöne awtoulagyň esasy aýratynlyklary eýýäm belli diýip, IXBT habar berýär. Grand Cherokee 4xe-de 2,0 litrlik hereketlendirijisi we jemi 374 at güýjüni öndürýän iki sany elektrik hereketlendirijileri bolan gibrid ulgamy üpjün edilendir. Täze ulagyň ölçegleri: uzynlygy - 4912 mm, ini - 1979 mm, beýikligi - 1798 mm. Awtoulagyň teker bazasy 2964 mm. Täze modeliň dizaýny häzirki nesil Grand Cherokee-niň dizaýnyna meňzeýär. Öň tarapynda Jeep-iň adaty 7 sany radiator gözenekleri, işlenen gazyň çykarylyş ulgamynda bolsa iki turba bar. Awtoulagyň interýeriniň aýratynlyklary entek aýan edilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir