16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleri gatnaşdy. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, şeýle hem onlarça ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2024) netijeliligini belläp geçdi. Çärede Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Owganystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili, halkara guramalarynyň we maliýe institutlaryň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler. Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistan tarapyndan amal edilýän bu ädimleriň diňe bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine däl-de, eýsem sebit we tutuş dünýä bähbidine gönükdirilendigini, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hem möhüm şertdigini bellediler diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir