Tencent kompaniýasyny esaslandyryjy Toni Ma Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Bloomberg Billionaries Index boýunça, duşenbe gününe çenli ýagdaýa görä onuň baýlygy 43,9 mlrd dollara ýetdi, bu hem oňa beýleki hytaý milliarderlerinden öňe geçmäge mümkinçilik berdi diýip, Interfaks belleýär. Nongfu Spring kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çžun Şanşan kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy pese gaçandan soň, öz ornuny ýitirip, üçünji orna düşdi. Meşhur TikTok platformasyna eýeçilik edýän ByteDance kompaniýasyny esaslandyryjy Çžan Imin ikinji orna çykdy. Tencent internet ägirdiniň bazar bahasy ýylyň başyndan bäri 28% ýokarlandy, bu DnF Mobile we Black Myth: Wukong ýaly wideo oýunlaryň üstünlikli relizleri bilen baglanyşyklydyr. Bloomberg soňky ýyllarda bazarda, esasanam, tehnologiýa pudagynda döwlet gözegçiliginiň ýokarlanmagy sebäpli hytaý milliarderleriniň baýlygynyň azalýandygyny belleýär. Poni Manyň baýlygy 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndaky iň ýokary derejesinden 40% azaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir