Awstraliýaly Oskar Piastri (“Maklaren”) “Formula-1-iň” Azerbaýjanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Bu Piastriniň karýerasynda ikinji ýeňşidir. Mundan öň ol Wengriýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanypdy, ýöne bu onuň topardaşy Lando Norrisiň öňdebaryjylygy Piasträ bermegi bilen mümkin boldy. Ikinji orny “Ferrariden” Şarl Lekler, üçünji orny “Mersedesden” Jorj Rassel eýeledi. Şahsy sanawda birinji orny eýeleýän Maks Werstappen ýaryşyň netijesinde bäşinji orny eýeledi. Soňky aýlawlarda “Ferrariden” Karlos Saýns bilen “Red Bulldan” Serhio Peres çaknyşyp, ýaryşdan çykdylar. Şeýle-de, ýaryşyň dowamynda Lens Stroll (“Aston Martin”) we Ýuki Sunoda (“RB”) ýaryş ýolundan çykdy. Ýaryşyň jemi boýunça, “Maklaren” Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bulldan” öňe geçip, soňky 10 ýylda ilkinji gezek birinji orny eýeledi. “Red Bull”, öz gezeginde, soňky iki ýylda ilkinji gezek öňdebaryjylygyny ýitirdi. Konstruktorlaryň kubogy – 2024: “Maklaren” – 476 utuk; “Red Bull” – 456; “Ferrari” – 425; “Mersedes” – 309; “Aston Martin” – 82; “RB” – 34; “Haas” – 29; “Uilýams” – 16; “Alpin” – 13; “Kik-Zauber” – 0.