Ilon Maskyň Tesla kompaniýasy elektrikli ulaglary ýygnamagyň täze modully “korpussyz” ülňüsini patentlemegi meýilleşdirýär. Kompaniýa bu usulyň adaty usuldan has çalt, netijeli we arzan boljakdygyny öňe sürýär. Maskyň "açyk proses" diýip atlandyran täze ulgamynda awtoulagyň elementleri aýratynlykda ýygnalýar we soňky tapgyrda bitewi görnüşde birleşdirilýär. Awtoulagyň korpusynyň gurnama çyzygy boýunça hereket edýän adaty usulyndan tapawutlylykda, Tesla elektrikli awtoulagyny aýratyn modullardan ýygnamagy meýilleşdirýär. Kompaniýa önümçiligiň tizligini ýokarlandyrjakdygyny we çykdajylary azaltjakdygyny öňe sürýän bu täze usula patent almak üçin ýüz tutdy. Maskyň sözlerine görä, “açyş proses” kompaniýanyň ýakyn wagtda satuwa çykarmagy meýilleşdirýän pilotsyz awtoulagynyň – Robotaxi-niň önümçiligi üçin has netijeli bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir