Ýaponiýanyň ispace kompaniýasy dekabr aýynda Aýa ikinji missiýasyny uçurar. Bu barada SpaceNews neşiri habar berdi. Resilience Aý modulyny Floridadaky kosmodromdan SpaceX-iň Falcon 9 raketasynyň kömegi bilen uçurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Ýaponiýada gonuş enjamynyň synaglary tamamlanýar, ol uçuşdan bir aý-bir ýarym aý öň ABŞ-a iberiler. Kompaniýa Resilience missiýasynyň dekabr aýynda uçurylmak ähtimallygyny 50 göterim diýip belleýär. ispace üçin bu Aýa gonmak boýunça ikinji synanyşyk bolar. Neşir Resilience modulynyň gurluş taýdan 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aýa şowsuz gonan HAKUTO-R modulyny ýada salýandygyny ýazýar. Täze gonuş moduly täzelenen programma üpjünçiligi bilen üpjün edildi. Modulyň özi birinji missiýanyň tejribesini göz öňünde tutmak bilen döredildi. Resilience jemi alty sany peýdaly ýüki göterer. Enjam Aýyň demirgazyk bölegindäki Sowuk deňizde gonmaly. Şeýle-de, ispace kompaniýasynyň Apex 1.0 ady bilen has uly gonuş modulyny işläp taýýarlaýandygy habar berilýär. Onuň Aýa 2026-njy ýylda “Missiýa 3-üň” çäklerinde uçurylmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir