Xiaomi täze Redmi Note 14 smartfonynyň ilkinji tizerini neşir etdi. Smartfonyň sentýabryň aýagynda resmi taýdan goýberilmegine garaşylýar. Modeliň içi kuwwatly bolar we kämilleşdirilen kameralary alar. Kompaniýanyň iň üstünlikli tapgyrlarynyň biri bolan Redmi Note hatarynyň soňky on ýylda 420 milliondan gowrak nusgasy satyldy. Syzylan maglumatlara görä, Redmi Note 14 üç wersiýada bolar. Esasy model MediaTek Dimensity 6100+ prosessoryny, 1,5K durulykda AMOLED displeýini we 50 MP esasy kamerany alar. Gizmochina-nyň berýän maglumatlaryna görä, Redmi Note 14 Pro wersiýasy has güýçli Snapdragon 7s Gen 3 çipi we üç kamera, şol sanda makro surata düşürijili teleobýektiw bilen üpjün ediler. Pro Plus-da egri AMOLED ekrany we MediaTek Dimensity 7350 prosessory bolar. Ähli modeller kämilleşdirilen batareýalar we IP68 gorag bilen üpjün ediler. Redmi Note 14-den başga-da, Xiaomi 14T we 14T Pro subflagmanlarynyň ýakyn wagtda satuwa çykaryljakdygyny mälim etdi. Olaryň ilkinji görkezilişi 26-njy sentýabrda bolar. 14T täzeleniş tizligi 144 Hz we 6,67 dýuým ekran hem-de Dimensity 8300 Ultra çipi, 12 GB RAM we 256 GB fleş ýady bilen üpjün ediler. 14T Pro Dimensity 9300+ prosessoryny, 12 GB RAM, 512 GB fleş ýady we simsiz zarýad bermek üçin goldaw alar. 14T Pro-yň esasy kamerasy Leica bilen bilelikde işlenip düzüldi we optiki durnuklaşdyryjyly we awtofokusly 50 megapiksel datçik bilen enjamlaşdyryldy. Ikinji kamera 2,6x optiki ýakynlaşdyrma bilen 50 megapikselli teleobýektiw, üçünjisi bolsa 120 dereje meýdany bolan 12 megapiksel ultra giň burçly sensor bilen hödürlendi. Öň tarapynda 32 MP selfi kamerasy gurlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir