Italiýanyň 50 Top Pizza Awards 2024 reýtinginde Nýu-Ýorkda ýerleşýän Uza Pizza Napoletana pizzeriýasy birinji ýeri eýeledi. Entoni Manjiýeri tarapyndan 2022-nji ýylda esaslandyrylan bu pizzeriýa öňdebaryjy italýan restoranlaryndan hem öňe geçdi. Manjiýeri CNN Travel telekanalyna beren interwýusynda: "30 ýyllyk karýeramdan soň, aýratyn hem, pizzanyň ilkinji taýýarlanyp başlanan ýeri bolan Neapol şäherinde ykrar edilmegim, meniň üçin diýseň ylham berijidir" - diýdi. Reýtingiň resmi web sahypasynda Una Pizza Napoletana-nyň üstünligi, restoranyň pizzany däp bolan usulda taýýarlamagy we iň ýokary hilli önümleri ulanmagy bilen baglanyşdyrylýar. Bu ýerde esasy ünsi pizzanyň hamyryna berýärler. Restorany esaslandyryjy Manjiýeri: "Hamyrymyz odun bilen işleýän peçde, dürli italýan unlarynyň garyndysyndan taýýarlanýar". Reýtingiň adynda 50 belgisiniň bolmagyna garamazdan, sanawa dünýäniň iň gowy 100 pizzeriýasy girdi. Olaryň aglabasy (41 restoran) Italiýada ýerleşýär. ABŞ-dan gatnaşan restoranlar hem ýokary orunlary eýelediler. Olaryň içinde Nýu-Ýorkdan üç we beýleki şäherlerden 12 restoran gatnaşdy. Pizzanyň watany bolan Neapol şäheri, reýtingde birnäçe möhüm orunlary eýeledi. Şol sanda, Diego Vitagliano restorany ikinji orny eýeledi. Şeýle hem ilkinji onluga Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Ispaniýanyň restoranlary girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir