Duşenbe güni, 16-njy sentýabrda güýçli magnit hadysasy başlandy diýip, TASS agentligi "Fobos" howa menziliniň hünärmenlerine salgylanyp habar berýär. Duşenbe güni 11:00-da (Aşgabat wagty bilen) başlanan gowşak magnit hadysasy öýleden soň 20:00-a çenli G3 derejä çenli güýçlener. 20:00-dan soň gowşap, aram ýagdaýa geler. Ol 17-nji sentýabrda 14:00-a çenli dowam eder, ondan soň Ýeriň geomagnit meýdany asuda ýagdaýyna dolanar. Geçen hepdede Amaly geofizika institutynda magnit hadysasynyň G3 (güýçli) derejä çenli güýçlenendigi habar berildi. Ýerde geomagnit işjeňligi 12-13-nji sentýabrda hasaba alyndy.