28-nji sentýabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde habar berdi. Dabara Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan degişli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş ýazyjylaryň, dramaturglaryň, suratkeşleriň, sazandalaryň hem-de kitaphana işgärleriniň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Olaryň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabaralary boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir