Formula 1-däki MakLaren-iň sürüjisi Lando Norris Silwerstone trassasynda (ýaryş ýolunda) adaty bolmadyk gezelenç etdi. Ol Lego konstruktoryndan ýygnalan MakLaren P1-de aýlaw etdi. Taslama LEGO Group we McLaren Automotive bilen bilelikde amala aşyryldy diýip, “Çempionat” portaly ýazýar. MakLaren P1-iň doly göwrümli nusgasyny döretmek üçin Lego Technic konstruktorynyň 393 sany dürli elementi gerek boldy, jemi 342 817 bölek ulanyldy. Awtoulag V8 hereketlendirijisiniň işleýşini simulasiýa edýän sekiz sany Lego Power motor paketi bilen enjamlaşdyrylandyr. Lego-bolidiň agramy 1220 kg. Taslamanyň üstünde 23 hünärmen 8344 sagatlap işledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir