Ýandeks kompaniýasy täze ýuridiki şahs: “Ýandeks Robotiks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetini döretdi. Täze kompaniýa 11-nji sentýabrda hasaba alyndy, onuň düzgünnama kapitaly 1 mln rubla barabar. Kompaniýanyň baş müdiri hökmünde Iwan Kalinow bellendi diýip, IXBT ýazýar. Täze kompaniýa robotlary satmak işiniň gerimini giňeltmek maksady bilen döredildi. Robototehnika topary robotlary döretmegi we “Marketiň” ammar amallary üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamagy, şeýle-de öz çözgütlerini beýleki kompaniýalara hödürlemegi dowam etdirer. Mysal üçin, öň “Lemana pro” kompaniýasy bilen bilelikde ammar amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslama işe girizildi. Şeýle-de, robototehnika topary Russiýanyň kompaniýalary bilen ýene üç synag taslamasyny alyp barýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir