Şu gün - 14-nji sentýabrda Türkmenistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi. "Dünýä türkmenleri sebitde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, hyzmatdaş döwlet hökmünde giňden tanalýan ýurdumyzda geçirilýän köp sanly çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň şaýady bolýarlar. Häzirki döwürde dünýä türkmenleriniň ýüzlerçesi Türkmenistanda iş alyp barýarlar we ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, edebiýatyny we dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. 1991-nji ýylyň maýynda döredilen bu birleşik dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi. Doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da jebisleşdirmekde, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da ýaýbaňlandyrmakda, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde bize ägirt uly işler garaşýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir