2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi hem-de “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Bu babatda görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer T.Atahallyýew anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy. Bellenilişi ýaly, GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi 16-njy sentýabrda, “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” 19-20-nji sentýabrda geçiriler. Bellenilişi ýaly, bu Geňeşiň mejlisine we halkara ylmy maslahatyna degişlilikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş sekretarynyň orunbasarynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen meşgullanýan hem-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda işleýän hünärmenleriň we ylmy işgärleriň hem-de kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir