Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany her biri 54 öýli, 9 gatly, 9 sany her biri 36 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylar. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow Hökümet mejlisinde aýtdy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň baş baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, ýanaşyk ýerleri, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir