12-nji sentýabrda Polşanyň «SKYTAXI sp. z o.o.» awiakompaniýasynyň Boeing 767 ýük uçary ilkinji gezek Türkmenabadyň halkara howa menziline tehniki gonuş etdi. Tehniki gonuş "Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi" APJ-nyň goldaw bermeginde amala aşyryldy. Ýük uçary Hytaý-Ýewropa ugry boýunça gatnawy amala aşyrýar. Tehniki gonuşyň dowamynda Türkmenabadyň halkara howa menzili zerur bolan hyzmatlary, şol sanda awiaýangyç guýmak hyzmatlaryny berdi diýip, APJ-nyň saýtynda habar berilýär. Geljekde Türkmenabadyň halkara howa menziliniň üsti bilen şu görnüşdäki tehniki gonuşlary gündelik amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir