Alymlar üç kilometre çenli belentlikde atmosferada köp sanly howply mikroorganizmleriň bardygyny anykladylar. Ylmy işiň netijeleri “Proceedings of the National Academy of Sciences” žurnalynda hödürlendi. Cessna ýeňil uçarynda Ýaponiýanyň üstünden uçuş wagty ylmy gözlegçiler kömelejik sporalaryny we bakteriýalary saklaýan howa nusgalaryny ýygnadylar. Olardan Escherichia coli we Staphylococcus epidermidis ýaly käbirleri düýpli keselleri, şol sanda mikroblara garşy derman serişdelerine durnukly ýokanç kesellerini ýüze çykarýar. Nusgalar atmosferanyň aşaky gatlagynda, troposferada ýygnaldy, bu ýerde howa massalary uzak aralyklara çalt hereket edip bilýärler. Ylmy gözleg bu mikroorganizmleriň iki müň kilometr aralygy geçip biljekdigini anyklady. Umuman alanyňda, kömelejikleriň 266 görnüşi we bakteriýalaryň 305 görnüşi ýüze çykaryldy, olaryň köpüsi toprakda ýa-da ösümliklerde ýaşaýar, käbirleri bolsa patogendir. Barselona global saglygy goraýyş institutynyň hünärmenleri güýçli ýeliň netijesinde bu organizmleriň bütin dünýä ýaýrap biljekdigini çaklaýarlar. Ýöne gözlegçiler belentlikdäki mikroblaryň ýere düşende adamlarda kesel döredip biljekdigine göni subutnamalarynyň ýokdugyny belleýärler. Muny anyklamak üçin alymlar howa nusgalaryny we adam öýjüklerini ulanmak bilen goşmaça gözleg geçirmegi meýilleşdirýärler. Howada mikroorganizmleriň saklanyp biljekdigi öňden bäri bellidi. Bu ilkinji gezek 1920-nji ýyllarda ylmy gözlegçiler ABŞ-nyň üstündäki howada kömelejik sporalaryny ýüze çykaranynda belli boldy. Şeýle-de bolsa, olaryň atmosferada hereket we ýaşaýyş masştaby henizem doly öwrenilmedikdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir