Google Android operasion ulgamynda çeşmesi resmi bolmadyk programmalara garşy göreşmek üçin täze hyzmatyň çykjakdygyny mälim etdi. Bu barada Android Authority habar berýär. Täze Play Integrity API guraly enjamlary wiruslardan we howplardan goraýan Play Protect howpsuzlyk ulgamynyň bir bölegi bolar. Hyzmat programmanyň çeşmesini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Eger-de programma resmi Google Play dükanyndan alynmadyk bolsa, ulanyja programmany resmi wersiýadan ýüklemek teklibini berýän habar iberiler. Teklip ret edilen ýagdaýynda, çäklendiriji mehanizmiň jikme-jiklikleri entek açylmasa-da, işläp düzüji “garakçy” programmasyna girişi çäklendirip biler. Eger ulanyjy resmi programmany gurnamaga razy bolsa, resmi däl wersiýa ulanyjynyň maglumatlary bilen bilelikde pozular. Google üçünji tarap çeşmelerinden programmalary ýüklemegi düýbünden gadagan etmegi meýilleşdirmeýändigini belläp geçdi. Täze funksiýa işläp düzüjileri diňe “garakçy” programmalardan goramaga gönükdirilendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir