Ilon Mask X-daky akkauntynda 2026-njy ýylda uçarmansyz SpaceX raketalaryny Marsa ibermek meýilnamasyny yglan etdi. “Ilkinji Starship raketalary Marsa ýene iki ýyldan, indiki uçuşlar penjiresi açylanda uçurylar. Marsa gonmagyň ygtybarlylygyny barlamak üçin olar ekipažsyz uçarlar. Şonda gonuşlar üstünlikli bolsa, Marsa ilkinji ekipažly uçuşlar ýene 4 ýyldan amala aşyrylar "- diýip ýazdy. Şeýle hem, Mask ýakyn 20 ýylda Marsda öz-özüni üpjün edýän şäher döretmek baradaky meýilnamalaryny paýlaşdy. Köp planetalylygyň, ýok bolup gitmek howpuny azaldýandygy sebäpli, adamzady gorap saklamagyň açarydygyny aýtdy. "Mundan beýläk uçuşlaryň tizligi has-da ýokarlanar we maksat takmynan 20 ýyldan öz-özüni üpjün edýän şäher gurmak" - diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy geljegi göz öňüne getirýär. SpaceX -iň başlygy Marsa ýük daşamagyň bir tonnasynyň 1 milliard dollar durýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Marsda şäher gurmak üçin bir tonna üçin bahany 100 müň dollara çenli azaltmaly, bu bolsa düýpli tehnologiki ösüşi talap edýär. Şeýle hem Mask, adamlary Marsa ibermegiň diňe gonuşyň howpsuzlygy tassyklanandan soň mümkin boljakdygyny aýtdy. “Iň bärkisi, bu ýene 4 ýyldan amala aşar. Belki-de 6 ýyldan, ýöne 8 ýyla-ha çekesi ýok diýip umyt edýärin "-diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.