OpenAI -yň esaslandyryjylaryndan biri we öňki baş ylmy işgär Ilýa Suskewer adamyň mümkinçiliklerinden üstün gelýän “ygtybarly” emeli aň ulgamyny işläp düzmek bilen meşgullanýan täze Safe Superintelligence (SSI) başlangyjy üçin 1 milliard dollar goýdy. Bu barada başlangyja salgylanýan Reuters habarlar gullugy habar berdi. SSI Kaliforniýadan we Ysraýyldan jemi on adamdan ybarat barlagçylar we inženerler toparyny döretmegi meýilleşdirýär. SSI-de esasy wezipeleri OpenAI-yň öňki işgärleri eýeleýär: Deniel Lewi baş ylmy işgär boldy, baş direktor wezipesine bolsa öň Apple-de AI bölümine ýolbaşçylyk eden Deniel Gross bellendi. Häzirki wagtda SSI-de önüm ýok we onuň satuwa ýene birnäçe ýyldan soň çykarylmagyna garaşylmaýar. SSI-iň maliýeleşdirilmegini Kaliforniýada AI-ni kadalaşdyrmak baradaky täze kanunçylyk başlangyçlaryna garşy çykýan a16z wençur şereketi goldady diýip, The Verge belleýär. Suskeweriň özi 2024-nji ýylyň maý aýynda ýolbaşçylary bilen bolan gapma-garşylykdan we onuň AI-ni adamzat gymmatlyklaryna uýgunlaşdyrmak ugrunda işleýän topary dargadylandan soň, OpenAI-dan çykdy. SSI, bu meselede pudakdaky bölünişige garamazdan, howpsuz AI çözgütlerini işläp düzmegi wada berýär.