Microsoft korporasiýasy TCL kompaniýasynyň täze TCL 50 Pro Nxtpaper we 50 Nxtpaper smartfonlaryny işläp düzmäge gatnaşdy. Bu barada PRNewswire portalyndaky metbugat relizinde aýdylýar. Gurluşlaryň esasy aýratynlygy görkezilýän mazmuna we daşarky şertlere görä sazlanyp, “kagyz” ekranynyň täsirini üpjün edýän 6,8 dýuým Nxtpaper 3.0 ekrany boldy. TCL-iň bellemegine görä, şeýle displeý göze düşýän agramy azaldýar. Microsoft hem Azure AI serwisiniň esasynda emeli aň tehnologiýalaryny hödürlemek bilen öz goşandyny goşdy. Bu funksiýalar gurluşlara tekstleri gaýtadan ýazmaga, düzedişleri teklip etmäge, olary başga dillere geçirmäge, şeýle-de sesi tekste we tersine öwürmäge mümkinçilik berýär. Smartfonlaryň ikisi-de MediaTek 6300 prosessory, 8 GB operatiw we 512 GB içki ýat bilen üpjün edildi. Şeýle-de, 50 Mp esasy kamera, 5010 mA/sag sygymly batareýa we Android 14 operasion ulgamy bar. TCL 50 Nxtpaper-iň bahasy 229 ýewro, 50 Pro Nxtpaper – 299 ýewro bolar. Gurluşlar diňe Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda satylar.