Bluetooth Special Interest Group (SIG) korporasiýasy Bluetooth tehnologiýasynyň altynjy neslini hödürledi we onuň esasy aýratynlygy Channel Sounding funksiýasy boldy. Bu funksiýa gurluşlaryň arasyndaky aralygy ýokary takyklyk bilen kesgitlemäge mümkinçilik berýär diýip, 9to5Mac portaly habar berýär. Channel Sounding 200 m çenli aralykdaky gurluşlaryň ýerleşýän ýerini 1 sm çenli takyklyk bilen kesgitleýär. Bu, aýratynam, telefonlary, nauşnikleri we beýleki gajetleri tapmak üçin peýdalydyr. Channel Sounding funksiýasyndan başga-da, Bluetooth 6.0 bäşden gowrak beýleki kämilleşdirmeleri öz içine aldy, kompaniýanyň resmi saýtynda olar barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu üýtgeşmeler, ilkinji nobatda, Bluetooth-y öz önümlerine birikdirýän kompaniýalary gyzyklandyrar. Altynjy nesil Bluetooth-y goldaýan ilkinji gurluşlaryň bazarda eýýäm 2025-nji ýylda peýda bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir