20-nji sentýabrda ýurdumyzda “Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow habar berdi diýip, TDH ýetirýär. Bellenilişi ýaly, maslahatda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygy ulgamyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça çykyşlar göz öňünde tutulýar. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Forumyň esasy maksady Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri giňden beýan etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutany nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.