Londonda ýerleşýän Clive Sutton kompaniýasy adaty syýahaty kaşaň syýahata öwürýän täze Mercedes-Benz Sprinter First Class mikroawtobusyny hödürledi diýip, IXBT habar berýär. 276 müň funt sterling bahasy bolan bu awtoulagyň içi hususy uçary ýada salýan deri we agaç materiallary bilen bezelendir. Massaž funksiýasy bolan ýedi sany rahat oturgyç, iki sany 43 dýuýmlyk telewizor, PlayStation 5 we kinoteatr derejesindäki ses ulgamy hakyky VIP salonyň atmosferasyny döredýär. Şeýle hem Mercedes-Benz Sprinter First Class-da iki sany sowadyjy we Wi-Fi bar. Ähli funksiýalar Crestron interfeýsi arkaly dolandyrylýar. Takmynan, 8 inedördül metr meýdany bolan Sprinter First Class, Range Rover-iň ýa-da Rolls-Royce-yň uzyn görnüşlerinden has köp ýer berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir