Google Chrome-uň howpsuzlygy ugrundaky göreşi güýçlendirýär we ýüze çykarylan gowşaklyklar üçin tölegleri 250 müň dollara çenli ýokarlandyrýar. Chrome VPR (Vulnerability Reward Program) programmasy 14 ýyl ozal işe girizilipdi we kompaniýa wagtal-wagtal baýraklary platformanyň zerurlyklaryna laýyk getirýärdi. “MiraclePtr” synpyny goşmak bilen “ýadyň gowşak taraplary” üçin indi iň ýokary baýrak 250 128 dollara ýetdi. Bu karar Android programmalarynyň gowşak ýerlerini tapandyklary üçin hünärmenleri sylaglan Google Play Security Reward Program programmasynyň (GPSRP) ýapylmagynyň çäginde alyndy.