Daniýanyň Lego Group kompaniýasy 2032-nji ýyla çenli nebit önümleriniň ulanylmagy bilen taýýarlanýan adaty plastigi gaýtadan işlenen biologiki önümlerden taýýarlanan plastmassa bilen çalşar. Bu barada Reuters agentligine kompaniýanyň baş müdiri Nils Kristiansen aýtdy. “Durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarly bolan maşgala-[kompaniýanyň] eýesi biziň müşderilerden goşmaça töleg almazdan çig mal üçin goşmaça töläp bilmegimizi mertebe hasaplaýar” – diýip, Kristiansen belledi. Lego-nyň müdiriniň aýtmagyna görä, kompaniýa öz düzüt kubiklerinde nebit önümleriniň düzümini kem-kemden azaltmaga çalyşýar. Şu maksat bilen korporasiýa öndürijileri önümçiligiň möçberini artdyrmaga oýarmak üçin, gaýtadan dikeldilýän materiallardan çig malyň satyn alyş bahasyny 70% ýokarlandyrýar. Nebit önümleriniň deregine gaýtadan işlenen plastigiň önümçiligi üçin işlenen ösümlik ýagy ýa-da azyk senagatynyň galyndylary ulanylýar. PlasticsEurope lobbi toparynyň maglumatlaryna görä, häzirki günde ähli plastigiň, takmynan, 90%-i nebit önümleriniň ulanylmagy bilen öndürilýär.