Aşgabatda Özbegistanyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigini hem-de bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.